Meşhur Zinedin Zidan resmi taýdan Fransiýanyň milli ýygyndy toparynyň tälimçisi wezipesine girişdi. Fransiýanyň Futbol federasiýasynyň 54 ýaşly hünärmen bilen şertnamasy 2030-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ahyryna dowam eder.
Tejribeli hünärmeniň topara gelmegi Fransiýanyň ýygyndysynda üýtgeşmeleriň bienäçesiniň bellige alynmagyna sebäp boldy. Hatda ýygyndy toparyň logotipi hem üýtgedildi.
Zidan eýýäm toparyň taktikasyny kämilleşdirmegiň üstünde işleýär. Hünärmen 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Fransiýanyň şowsuzlyga uçramagynyň esasy sebäpleriniň biri hökmünde meýdanyň merkezinde topa eýelik etmegiň doly derejede diýen ýaly ýoklugyny görkezýär. Zidan bu zolakdaky ýagdaýy düýpli üýtgetmegi maksat edinýär.
Madridiň «Realyny» taryhy üstünliklere ýetiren Zinedin Zidan Fransiýanyň ýygyndy toparyna dünýäniň çempionlygyny gaýtaryp getirip bilermi? Ine, muny bolsa Fransiýanyň ýygyndy toparynyň 2030-njy ýylyň dünýä çempionatyndaky çykyşy görkezer.
