Türkmen küştüniň altyn tomsy: Allaýar Şirliýew Abu-Dabidäki abraýly ýaryşyň ýeňijisi boldy

MilliInfo

26 Awgust, 2026

Türkmen küştüniň altyn tomsy: Allaýar Şirliýew Abu-Dabidäki abraýly ýaryşyň ýeňijisi boldy

Dünýä derejeli grossmeýsterler «Masters» ýaryşynda çempionlyk ugrunda göreşýän wagty, türkmen küştçüsi Allaýar Şirliýew öz derejesinde artykmaçlygyny ynamly subut etdi we Türkmenistana 2026-njy ýylyň şowly küşt tomsuna ýene-de bir ýeňşi sowgat etdi.

Allaýar Şirliýew (FIDE reýtingi — 2184, 31.10.2003-nji ýylda doglan, Aşgabat ş.) Birleşen Arap Emirliklerinde 15—24-nji awgust aralygynda geçirilen 32-nji Abu-Dabi halkara küşt festiwalynda «Open A» ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Türkmen türgeni bütin ýaryşyň dowamynda ynamly oýun görkezip, mümkin bolan 9 utukdan 8-sini toplady we 1-nji orny eýeledi. Ýaryşyň netijeleri boýunça onuň reýtingi 40,6 ball ýokarlandy.

Abu-Dabi festiwaly sebitiň iň iri küşt ýaryşlarynyň biri bolup, her ýyl onlarça ýurtdan ýüzlerçe gatnaşyjyny özüne jemleýär. Çäräni Abu-Dabi küşt we intellektual oýunlar merkezi gurady. Ýaryş «Abu Dhabi Corniche» kenarýakasyndaky «Radisson Blu Hotel & Resort» myhmanhanasynda geçirildi.

«Open A» ýaryşy şweýsar ulgamy boýunça dokuz tapgyrda geçirildi. Wagt gözegçiligi nusgawy görnüşde bolup, her bir oýna 90 minut we her göçüm üçin goşmaça 30 sekunt wagt berildi.

Şirliýewiň bu üstünligi türkmen küştçüleriniň 2026-njy ýylyň awgust aýyndaky ýokary netijeleriniň diňe biridir. Mundan birnäçe gün ozal, türkmen küştçüsi Lala Şohradowa 16—26-njy awgust aralygynda Hindistanyň Mumbaý şäherinde geçirilýän 20 ýaşa çenli ýetginjekleriň we gyzlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda küştüň rapid görnüşi boýunça altyn medala mynasyp boldy. Bu Şöhradowanyň şol çempionatdaky ikinji baýragydyr: ol 17-nji awgustda blis ýaryşynda kümüş medal eýeläpdi. Şeýle-de Türkmenistanyň ýygyndy topary şu tomsuň başynda Gyrgyzystanda geçirilen Merkezi we Demirgazyk Aziýa çempionatynda ýurdumyzyň küşt taryhynda rekord bolan 16 medal gazanypdy.

Allaýaryň Abu-Dabidäki ýeňşi onuň bu üstünlikleriň tapgyryny dowam etdirýändigini we küşt boýunça milli mekdebimiziň halkara abraýynyň günsaýyn artýandygynyň subutnamasyna öwrülýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info