Sentýabrda 69-njy «Altyn top» baýragy gowşurylar: Oňa kimler dalaşgär görkezilýär?

MilliInfo

12 Awgust, 2025

Her ýyl dünýäniň iň gowy futbolçylaryna gowşurylýan «Altyn top» baýragyna şu ýylky dalaşgärleriň ahyrky sanawy Fransiýanyň «L'Équipe» gazeti tarapyndan neşir edildi. Bu abraýly baýrak 2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Pariždäki 2000-den gowrak tomaşaçy üçin niýetlenen «Châtelet» teatrynda gowşurylar. Bu opera teatry 2019-njy ýyldan bäri bu baýragyň gowşurylýan merkezine öwrüldi. Şol gün «Altyn topdan» başga-da, «Iň gowy ýaş futbolçy», «Iň gowy tälimçi», «Iň gowy derwezeçi», «Iň gowy klub» we «Iň gowy zenan futbolçy»... ýaly 10 baýragyň eýeleri yglan ediler. Şu ýyl «Altyn topuň» döredilenine 69 ýyl dolýar.

 «Altyn top» baýragyna dalaşgärleriň sanawy:

 ·        Jud Bellingam — Angliýa. 22 ýaşynda. Kluby: «Real Madrid».

·        Usman Dembele — Fransiýa. 28 ýaşynda. Kluby: «PSŽ».

·        Janluiji Donnarumma — Italiýa. 26 ýaşynda. Kluby: «PSŽ».

·        Denzel Dýumfris — Niderlandlar. 29 ýaşynda. Kluby: «Inter», «Milan».

·        Seru Girassi — Gwineýa 29 ýaşynda. Kluby: «Borussiýa Dortmund».

·        Wiktor Dýokereş — Şwesiýa. 27 ýaşynda. Kluby: «Sporting»

·        Erling Holann — Norwegiýa. 25 ýaşynda. Kluby: «Mançester Siti».

·        Aşraf Hakimi — Marokko. 26 ýaşynda. Kluby: «PSŽ».

·        Garri Keýn — Angliýa. 32 ýaşynda. Kluby: «Bawariýa»

·        Hiwiça Kwarasheliýa — Gruziýa. 24 ýaşynda Kluby: «PSŽ».

·        Robert Lewandowski — Polşa. 36 ýaşynda. Kluby: «Barselona».

·        Aleksis Makallister — Argentina. 26 ýaşynda. Kluby: «Liwerpul».

·        Lautaro Martines — Argentina. 27 ýaşynda. Kluby: «Inter», «Milan».

·        Kalian Mbappe — Fransiýa. 26 ýaşynda. Kluby: «Real Madrid».

·        Skott Maktomineý — Şotlandiýa. 28 ýaşynda. Kluby: «Napoli».

·        Nunu Mendeş — Portugaliýa. 23 ýaşynda. Kluby: «PSŽ».

·        Žuan Neweş — Portugaliýa. 20 ýaşynda. «PSŽ».

·        Maýkl Olise — Fransiýa. 23 ýaşynda. Kluby: «Bawariýa».

·        Koul Palmer — Angliýa. 23 ýaşynda. Kluby: «Çelsi».

·        Pedri — Ispaniýa. 22 ýaşynda. Kluby: «Barselona».

·        Rafinýa — Braziliýa. 28 ýaşynda. Kluby: «Barselona».

·        Deklan Raýs — Angliýa. 26 ýaşynda. Kluby: «Arsenal».

·        Fabian Ruis — Ispaniýa. 29 ýaşynda. Kluby: «PSŽ».

·        Mohammed Salah — Müsür. 33 ýaşynda. Kluby: «Liwerpul».

·        Wirjil wan Deýk — Niderlandlar. 34 ýaşynda. Kluby: «Liwerpul».

·        Winisius Junior — Braziliýa. 25 ýaşynda. Kluby: «Real Madrid».

·        Witinýa — Portugaliýa. 25 ýaşynda. Kluby: «PSŽ».

·        Florian Wirs — Germaniýa. 22 ýaşynda. Kluby: «Baýer Lewerkýuzen»

·        Lamin Ýamal — Ispaniýa. 18 ýaşynda. Kluby: «Barselona».

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo