Žoze Mourinýu Madridiň «Realyna» gaýdyp gelýär

MilliInfo

21 sagat öň

«Benfikanyň» baş tälimçisi Žoze Mourinýu ýene-de Madridiň «Realyna» ýolbaşçylyk eder. Bu barada žurnalist Fabrisio Romano habar berýär.

Çeşmäniň tassyklamaklaryna görä, 63 ýaşly portugaliýaly hünärmeniň geçişi baradaky şertnama doly tamamlandy. Mourinýu bilen baglaşyljak ylalaşyk 2028-nji ýylyň tomsuna çenli niýetlenip, tälimçiniň gidýändigi üçin «Benfika» alty million ýewro öwez tölegini alar.

Mourinýo mundan ozal hem Madridiň «Realyna» ýolbaşçylyk edipdi. 2010 — 2013-nji ýyllar aralygynda madridliler onuň bilen 178 duşuşyk geçirip, şolarda 127 ýeňiş gazanypdylar, 28 gezek deňme-deň oýnapdylar we 23 gezek ýeňlişe sezewar bolupdylar. Mourinýu «Real» bilen üç üstünlige — Ispaniýanyň çempionlygyna, Kubogyna we Superkubogyna eýe boldy.

Şunlukda, Mourinýu «Realyň» baş tälimçisi wezipesinde şu ýylyň ýanwarynda Habi Alonsonyň gitmeginden soň toparyň başyna geçen Alwaro Arbeloanyň ornuny tutar. Belläp geçmeli zat, Arbeloa we Alonso mundan ozal «korolewanyň klubynda» Mourinýunyň ýolbaşçylygynda oýunçy hökmünde çykyş edipdiler.

2025-nji ýylyň sentýabrynda Mourinýu «Benfika» toparyna tälimçilik edip başlady we olar bilen Portugaliýanyň çempionatynda bürünç medallary eýeledi. Paýtagtyň kluby bütin möwsümi ýeňlişsiz geçirmegi başardy, emma 11 duşuşykda deňme-deň netije görkezdi.

Umuman alanyňda, «bürgütler» Mourinýunyň ýolbaşçylygynda 45 oýun geçirip, şolaryň 27-sinde ýeňiş gazandylar, 10 gezek deňme-deň oýnadylar we 8 ýeňlişe döz geldiler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info