14-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň döwlet simfoniki orkestriniň täze aýdym-saz möwsüminiň dabaraly açylyşy guralar.
Konsertiň maksatnamasynda «Nusgalyk ýyldyzlaryň toplumy» atly dünýäniň nusgawy sazlaryndan ybarat bolan eserler toplumy ýaňlanar. Türkmenistanyň at gazanan artisti Rasul Klyçewiň çeper ýolbaşçylyk edýän Döwlet orkestriniň ajaýyp konserti sungata sarpa goýýan watandaşlarymyz üçin möhüm hem ýatdan çykmajak waka öwrüler.
Petekleri sargyt etmek we almak üçin goşmaça maglumat hökmünde afişada görkezilen aragatnaşyk ulgamlaryndan peýdalanyp bilersiňiz.