22-nji sentýabrda sagat 19:00-da Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatry nepis sungaty söýüjileriň ählisi üçin özüne çekiji merkeze öwrüler. Şol agşam Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri dürli döwürleriň nusgawy eserleriniň dürdänelerini özünde jemleýän baý maksatnama bilen täze saz möwsümini açar.
Agşamyň myhmanlaryna simfoniki sazyň jadyly dünýäsine aralaşmak mümkinçiligi garaşýar, onda beýik kompozitorlaryň meşhur eserleri ýaňlanar:
W. A. Mosart — «Figaronyň öýlenmegi» operasyndan okgunly we joşgunly uwertura;
R. Şuman — Orkestr bilen fortepýano üçin ruhlandyryjy konsert;
P. I. Çaýkowskiý — «Guwly köl» baletinden dramatiki we şahyrana jemleýji sahna;
B. Smetana — «Meniň Watanym» simfoniki poemalarynyň dabaraly toplumy;
A. Markes — Joşgunly we hyjuwly ritmlere baý bolan «Danzón № 2» eseri.
Bu baýramçylyk agşamynda orkestriň çeper ýolbaşçysy we baş dirižýory, Türkmenistanyň at gazanan artisti Rasul Gylyjow dirižýorlyk eder. Fortepýanoda ýekelikde ýerine ýetirilýän (solo) partiýasyny ussat pianinoçy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow ýerine ýetirer.
Konsert diňleýjilere ýatdan çykmajak pursatlary bagyşlar we olary beýik saz mirasynyň çuňňur hem-de ruhlandyryjy dünýäsine alyp gider.
Maglumat üçin telefon belgileri afişada görkezilendir!
