«Watan» kinokonsert merkezinde ajaýyp owazlar ýaňlanar

MilliInfo

1 Noýabr, 2025

1-nji noýabrda «Watan» kinokonsert merkezinde ajaýyp owazlar belentden ýaňlanar. Bu ýerde «Kamerata Aşgabat» orkestriniň ýerine ýetirijileriniň çykyşlary hödürlener.

Bahram Dolyýewiň çeper ýolbaşçylyk edýän topary ajaýyp aýdym-saz eserleri bilen tomaşaçylaryň hem diňleýjileriň göwnüni awlar. Eziz Jumaniýazow orkestre dirižorlyk eder.

Bu ýerde kompozitor Röwşen Nepesowyň «Rowaýat» atly saz eseriniň ilkinji ýerine ýetirilişi bolar. Konserte Döwran Şammyýew hem-de Aýna Baýramgeldiýewa ýaly zehinli ýerine ýetirijilerimiz hem gatnaşar.

Konsert 19:00-da başlanýar.

Habarlaşmak üçin: +99361 23 52 34

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo