Ýatdan çykmajak günlere taýyn boluň! «Kids Expo 2025» halkara sergi-ýarmarkasy 21—23-nji awgust aralygynda bütin maşgalaňyz üçin ajaýyp açyşlary, döredijilik çärelerini we ýatdan çykmajak şatlygy utgaşdyrýan gyzykly maksatnamasyny hödürleýär.
«Kids Expo 2025» sergi-ýarmarkasynda nämeler garaşýar:
1-nji gün: Açylyş we başdangeçirmeleriň starty!
· Resmi açylyşy we ähli sergi diwarlyklarynyň öz işine başlamagy.
· Çagalaryň moda görkezilişi: Münberde ajaýyp moda nusgalary.
· Bilim bölümi: Okamagyň peýdasy, mental arifmetika boýunça olimpiadalaryň jemleýji bölegi, şeýle hem «Adamyň bedeni», «Kosmos» hem-de Suwasty dünýä temalary boýunça VR-äýnekler bilen ylmy hem-de aň-bilim görkezişleri hakyndaky umumy sapak.
· Sanly dünýä: Oýunlaryň işläp taýýarlanylyşyna, neýro ulgamlaryň (AI) we robot tehnikasynyň dünýäsine aralaşyň.
· Döredijilik ussahanalary: Keçe, laý, şopper reňkleri we heýkeljikler.
· Işjeň dynç alyş: Futbol we küşt zonalary.
· Tagamlaryň ýarmarkasy: Ajaýyp aşhana açyşlary.
· Ata-eneler üçin: Çaga terbiýesi we irki ösüş baradaky prezentasiýalar.
· Şowhunlar we oýunlar: »KidsEkspo jadyly ertekisi» şowhunynyň açylyşy, interaktiw oýunlar, edebiýat wiktorinalary, optiki täsiri bilen tapawutlanýan surat zonasy.
2-nji gün: Täze açyş we şatlyk!
· «Çagalaryň modasy 2025» çäresiniň dowam etmegi.
· Bilim we kämilleşmek: Okamak boýunça umumy sapaklar, aktýorlyk ukyby we hünäre ugrukdyrmak boýunça ussatlyk sapaklary.
· Sanly tehnologiýalar: 3D-modelirlemek, suratlary janlandyrmak, AI-botlar we AI-fantaziýalar (Cartoonify-maşgala, AI-portretler, ses teatry, ertekileri we dizaýnlary işlemek) boýunça ussatlyk sapaklary.
· Şadyýan startlar: Körpeler üçin hereket marafonlary.
· Interaktiwler: Çagalar bilen interaktiw oýunlar we edebiýat wiktorinalary.
· Robotlaryň şowhuny: Haýran galdyryjy «Sumo-robotlaryň çaknyşygy».
· Surat zonasynyň işiniň we ata-eneler üçin prezentasiýalaryň dowamy.
3-nji gün: Gaýtalanmajak final!
· Ähli sergi diwarlyklarynyň işiniň hem-de ussatlyk sapaklarynyň tamamlanmagy
· Görkezişleriň we ähli zonalaryň işjeňliginiň jemlenji bölegi.
· Haýran galdyryjy konsert.
· Sergä gatnaşyjylary diplomlar bilen sylaglamak dabarasy.
Çagalygyň we innowasiýalaryň baş baýramyna gatnaşmak mümkinçiligini elden bermäň! Bütin maşgalaňyz bilen geliň we «Kids Expo 2025» sergi-ýarmarkasynyň bir bölegi boluň!