8-nji maýda sagat 19:00-da «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygyna bagyşlanan «Ýeňiş bahary» atly baýramçylyk agşamy geçiriler.
Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky meşhur orkestr paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna ýörite taýýarlanan maksatnamany hödürlär. Maksatnama uruş ýyllarynyň ençeme nesiller üçin merdanalygyň, umydyň we halkyň beýik gahrymançylygynyň nyşanyna öwrülen rowaýaty sazlar we aýdymlar girizildi.
Şol döwrüň eserleriniň janly ýerine ýetirilmegi diňleýjilere taryha aralaşmaga, dabaraly ýeňiş ruhunyň jümmüşine çümmäge we gahrymanlaryň ýadygärligini hatyralamaga mümkinçilik döreder.
Çäre barada has giňişleýin maglumat almak ýa-da petekleri sargyt etmek üçin görkezilen telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: 55-90-15 we (+993 62) 53-28-71.