Rowşen Nepesowyň meşhur orkestriniň sazandalary 8-nji martda bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli aýal-gyzlar üçin karaoke formatyndaky «Söýgüli hitleriňi orkestr bilen aýt» atly konsert maksatnamasyny taýýarlady.
Bu agşama diňleýjiler diňe bir tomaşaçy hökmünde gatnaşmak bilen çäklenmän, eýsem, ýerine ýetirijilere hem öwrülerler.
Karaoke-konsert 9-njy martda «Watan» kinokonsert merkezinde (sagat 17:00-da we 19:00-da) bolar.
Biletleri sargyt etmek üçin: +99361235234