Sergi milli ykdysadyýetiň senagat, oba hojalygy, energetika, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk ýaly pudaklarynda döwrebap ösüşleri görkezjek interaktiw platforma öwrüler. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň resmi saýtynda habar berildi.
Forumyň myhmanlary ýurdymyzyň öňdebaryjy kärhanalary, ösen tehnologiýalar we Türkmenistanyň ykdysadyýetinde ulanylýan innowasion çözgütler bilen tanşyp bilerler.
Çäräniň geçirilýän ýeri: Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasy. Aşgabat şäheri, Çandybil şaýoly 143.
Geçirilýän senesi: 2025-nji ýylyň 18-19-njy sentýabry; Sagat: 09:00 – 18:00.
Email: sergi7@cci.gov.tm
Guramaçy: Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi.
Hyzmatdaş: «Net Fuar Organizasyon Ltd.Sti».