Diňleýjileriň köp sanly islegleri esasynda Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky meşhur orkestr täze konserti bilen gaýdyp gelýär. «Aşyklaryň şäheri. 2-nji bölüm» atly liriki taslamanyň dowamy 23-nji awgustda sagat 19:00-da paýtagtymyzyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda guralar.
Ajaýyp agşamyň janly aýdym-sazlaryň, ýakymly duýgularyň we söýginiň gurşawyny döretjekdigi şübhesizdir. Guramaçylaryň belleýşi ýaly, «söýgi diňe bir romantika däl, eýsem, her birimiziň kalbymyzda ýaşaýan yşykdyr».
Myhmanlar iň ýakymly ýatlamalary we duýgulary oýarýan joşgunly aýdym-saz syýahatyndan lezzet alarlar. Diňe aýdym diňlemek bilen çäklenmän, eýsem, onuň jümmüşinde ýaşamak isleseňiz, bu agşam siziň üçin!
Peteklerei bellemek (bron) ýa-da sargyt etmek üçin: 55-90-15