Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy nusgawy sungaty söýüjileri kamera-wokal sazly agşamyna çagyrýar. Konsert 26-njy maýda sagat 16:00-da konserwatoriýanyň kiçi zalynda geçiriler we onda uly mugallym S.I.Kimiň toparynyň talyplarynyň döredijiligi hödürlener.
Sazly agşamyň maksatnamasynyň örän baý bolmagyna garaşylýar. Sazandalaryň ýerine ýetirmeginde operalardan ariýalar we bölekler, şeýle hem türkmen, rus we günbatar ýewropa kompozitorlarynyň wokal eserleri ýaňlanar. Fortepiano kwintetiniň ýerine ýetirilmegi konsertiň aýratyn bezegine öwrüler.
Tomaşaçylaryň öňünde solistler Bahar Durdyýewa (soprano) we Nury Nuryýew (tenor) dagy çykyş eder. Fortepianoda bolsa Şaislam Komiljanow, Çaryýar Ataberdiýew we Agajan Amadow gezekli-gezegine saz çalar. Konsertiň kirişli saz gurallary düzüminde skripkaçylar Lewon Awetisýan we Suhrab Metkerimow, altçy Ýunus Orazow hem-de wiolonçelçi Annaoraz Döwletow dagy çykyş eder.