7—27-nji fewral aralygynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Sungat galereýasynda «Durmuş we söýgi barada» diýen ylham beriji at bilen häzirki zaman türkmen ussatlarynyň suratlarynyň sergi-satuwy geçiriler.
Bu çäre diňe bir sungat eserleriniň görkezilişi bolman, eýsem, ynsan kalbynyň tarlaryna täsir edýän hakyky akyl ýetiriş syýahatydyr: ol şatlygyň şuglasyndan we gündelik durmuşyň aladaly pursatlaryndan başlap, mähir-muhabbetiň hem çäksiz söýginiň jümmüşine alyp gidýär.
Galereýanyň myhmanlary durmuşyň manysy, barlygyň gözelligi we bizi biri-birimize ýakynlaşdyrýan duýgularyň näzikligi barada oýlanmaga çagyrýan dürli çeper surat eserlerini görüp hem satyn alyp bilerler.
Serginiň gezelenç maksatnamasy bilen tapawutlanýan açylyş dabarasy sagat 15:00-da başlanýar. Giriş mugt.