Meşhur animeleriň söýlüp diňlenýän saundtrekleriniň ählisi bir sahnada ýaňlanar

MilliInfo

1 Fewral, 2026

Resul Klyçewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri aşgabatlylary we paýtagtymyzyň myhmanlaryny anime dünýäsine jadyly syýahata çagyrýar.

Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň häzirki okgunly ösüşiniň çygrynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň medeni-ynsanperwer ugruna möhüm ähmiýet berilýär. Nobatda çärede ýapon sungatynyň sazlarynyň ýaňlanmagy munuň aýdyň beýanyna öwrüler.

1-nji fewralda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde görkezilen meşhur animeleriň rowata öwrülen sazlary (saundtrekleri) ýaňlanar:

  • «Meniň goňşym Totoro»

  • «Ruhlar tarapyndan alnyp gidilenler»

  • «Samuraýlaryň çagalary»

  • «Jadygöýiň eltip bermek hyzmaty»

  • «Şa gyzy Mononoke»

  • «Seniň adyň»

  • «Naruto Shippuden»

  • «Gaýadaky Pono balyjyk» we beýleki meşhur animeler.

  • «Рono — uçurymyň üstündäki balyjak» we beýleki meşhur animeler.

Sazlaryň wideo bilen utgaşmagy tomaşaçylary meşhur anime hekaýalarynyň gurşawyna alyp gider, olary edermenligi hem gahrymançylygy bilen haýrana goýýan zenanlar, jadyly jandarlar we ýapon folkloryndan ylham alnan keşpler bilen tanyşdyrar.

Konsert sagat 18:00-da başlanýar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri afişada görkezilen!

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info