Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň buýurmagynda Arkadag şäheriniň 500 orunlyk 11-nji orta mekdebini döwrebaplaşdyrmak we durkuny täzelemek boýunça kotirowkalary talap etmek arkaly bäsleşik yglan edýär. Bu barada «Arkadag» gazetinde habar berildi.
Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.
Haýyşnamalar we teklipler 2026-njy ýylyň 28-nji ýanwaryna çenli kabul edilýär.
Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-77, 44-46-64