ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy ýolagçy gatnatmak hyzmatlaryny hödürleýän (özüne degişli awtoulag parky we taýýarlykly sürüjileri bolan taraplary) ýerli kompaniýalary görkezilen şertler esasynda üpjün etmek üçin çagyrýar:
Uzak möhletleýin ylalaşyk (LTA) esasynda 1 (bir) ýyl möhlet bilen baglaşylar we zerurlyk ýüze çykan halatynda ýene 1 (bir) ýyl uzaldylyp bilner.
Hyzmatlar aşakdakylary öz içine alýar:
Sürüji bilen sedan görnüşli awtoulagy sagatlyk/günlük kärendesine bermek boýunça kesgitli bahalar;
Sürüji bilen miniweni sagatlyk/günlük kärendesine bermek boýunça kesgitli bahalar.
Gyzyklanma bildirýän kompaniýalar degişli hyzmatlary hödürlemäge taýýardygyny tassyklaýan, kompaniýanyň gysgaça beýanyny we iş tejribesini (bahalary görkezmezden) öz içine alýan haty 2025-nji ýylyň 22-nji iýuly sagat 18:00-a çenli aşakdaky elektron salgysyna ibermeli: