Estafetanyň geçirilmegi: Türkmen kiçi we orta telekeçilik kärhanalarynyň nesil çalşygyny nädip amala aşyrmaly

MilliInfo

5 Noýabr, 2025

Türkmenistan şu ýylyň sentýabrynda mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyny bellän ýaş döwletdir. Ýurduň hususy kompaniýalaryň köpüsi, aýratyn-da, oba hojalygy we önümçilik ugurlaryndan işleýän kärhanalar has hem ýaş: olaryň aglaba bölegi 2010-njy ýylyň ikinji ýarymynda döredildi. 2015-2016-njy ýyllardan Türkmenistanda hususy maýa goýumlarynyň gülläp ösýän döwri başlandy. Bu ösüş döwlet tarapyndan goldanylýan milli ösüş maksatnamalarynyň çäginde amala aşyrylýar. Şunda bu maksatnamalaryň ýeňillikli karzlar, ýer we suw serişdelerine hem-de beýleki infrastruktura bölümlerine mugt elýeterlilik, şeýle-de sebit we dünýä derejesindäki orta bahalaryň diňe bir bölegine deň bolan örän pes salgytlar we energiýa bahalary bilen häsiýetlendirilýär.

Türkmenistan açyk deňze çykalgasy bolmadyk ýurtdygyna, serhetara logistika we hasaplaşyklardaky kynçylyklara garamazdan, bäsdeşlige ukyplylyk babatda amatly şertlerden peýdalanmaklary türkmen telekeçilerini işlerini has-da giňeltmäge, täze önüm görnüşleri bilen täze batyrgaý synanyşykara gadam goýmaga höweslendirýär. Şol önümçilikleriň sanawyna suw geçiriji enjamlardan we keramiki plitalardan başlap, biodegrirlenýän polimerler, plastik gaplama, ýyladyşhanalarda pomidor ýetişdirmek, hatda banan ýaly adaty bolmadyk ekinleri ösdürip ýetişdirmek ugurlary hem girýär.

Türkmenistanyň ähli hususy düzümleri diýen ýaly maşgala kärhanasy hökmünde döredilen taraplardyr. Şunda gündelik dolandyryş işleri kem-kemden esaslandyryjylardan — ata-enelerden ogullara, gyzlara, soňlugy bilen bolsa agtyklara geçýär. Nesilleriň çalşygy bilen bagllylykda, bu yzygiderlilik işewürligiň çalt ösýän döwründe amala aşyrylýar we birnäçe dolandyryş hem-de guramaçylyk meselelerini ýüze çykarýar. Işleri nähili teripde tabşyrmaly, ýolbaşçylyk jogapkärçilikleri nädip täzeden paýlamaly we kämilleşdirmeli, şeýle hem bar bolan ösüş depginini we bitewüligi saklap galmak bilen, kompaniýanyň täze ösüş ýörelgesini nähili döredip bolar? Bu meseleler diňe bir dolandyryş derejesinde däl, eýsem, işewürleriň nesilleriň arasyndaky gatnaşyklaryň durnuklylygyny üpjün etmekde-de möhüm orny eýeleýär.

Çalt ösýän Türkmenistanyň kompaniýalarynyň öňünde duran möhüm meseleleriň ýene biri olaryň IT ulgamlarynyň, dolandyryş tejribeleriniň we iş prosesleriniň hereket edýän wezipeleriň möçberine gabat gelýändigine göz ýetirmekdir. Kiçi bir kärhanada ähli işgärler biri-birini tanan mahaly netijeli bolan usullar, uly we gurluşly ulgamlarda has netijeli bolup bilmez. Türkmen telekeçilerine, esasan, dolandyryş jogapkärçiliklerini bölüşmegi öwrenmek zerurdyr. Ynanýandygyňa garamazdan, barlamagy hem unutmazlyk gerek. Bu usul diňe işiň durnuklylygyny üpjün etmän, eýsem, kompaniýanyň çalt ösýän şertlere uýgunlaşmagyna hem kömek edýär.

Ýardam eýýäm ýolda!

Şeýle zerurlyklara jogap hökmünde 2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň başynda Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş banky Türkmenistanyň kiçi we orta telekeçilik kärhanalary üçin «Korporatiw dolandyryş» atly iki günlük seminar gurady. Seminaryň maksady öňdebaryjy türkmen kompaniýalarynyň esaslandyryjylaryny we ýokary derejeli ýolbaşçylaryny jemlemek bolup, ol ýerde korporatiw dolandyryşda ýüze çykýan meseleler we mümkin bolan çözgütler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem seminarda bankyň tejribeli maslahatçylarynyň ýolbaşçylygynda ýörite gözükdiriş taslamalary hem meýilleşdirildi. Umuman, seminara Türkmenistanyň 29 maşgala kärhanasyndan 32 ýolbaşçy gatnaşdy.

Seminary Bosniýa we Gersegowina ýurtlarynda FMCG kompaniýalarynyň öňki ýokary derejeli ýolbaşçysy we tejribeli konsultant Alma Nefiç geçirdi. Ol Ýewropada we Merkezi Aziýada onlarça maşgala işewürliginiň korporatiw dolandyryş esaslaryna uýgunlaşmagyna kömek etdi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň hem birnäçe kompaniýasy bar. Alma Nefiçiň aýtmagyna görä, seminaryň maksady ýaş kompaniýalaryň geçiş döwrüniň hökmany kynçylyklaryna garamazdan, ösüşlerini dowam etdirip bilmegine mümkinçilik döretmekdir. Aşgabatdaky seminar munuň üçin amatly meýdança bolup, türkmen kiçi we orta telekeçilik kärhanalarynyň maşgala dolandyryşyndan professional dolandyryşa geçýän mahaly ýüzbe-ýüz bolýan giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döretdi. Hünärmen aşakdaky ýagdaýlary şeýle meseleleriň hatarynda görkezdi: dolandyryş üçin resmi gurluşlary döretmek, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ornuny kesgitlemek, iş proseslerini sanly ulgama geçirmek, maglumatlara esaslanýan dolandyryşa geçmek we töwekgelçilikli dolandyryş ulgamlaryny ornaşdyrmak.

Soňra Türkmenistanda dürli pudaklarda işleýän bäş öňdebaryjy kompaniýa bilen iş ýerlerine barlyp, şahsy maslahatlar geçirildi. Olar «Tudana» (ýyladyşhanada ýertudana öndüriji), «Hoşzaman» (FMCG önümleri, towuk ýetişdirmek we ýyladyşhana pomidory), «Ýupekçi» (suw we alkogolsuz içgiler), «Eziz Dag» (ýyladyşhana pomidory we tehniki uglerod) hem-de «Altyn Açar» (konditer önümleri) kärhanalarydyr.

Seljeriş tapgyrynyň netijesinde esasy artykmaçlyklary kämilleşdirmäge gönükdirilen ýokary derejeli maslahatlar taýýarlanar. Göz öňünde tutulan indiki ädimleri bolsa kompaniýalar özbaşdak kesgitleýärler. Alma Nefiç we Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş bankynyň Kiçi telekeçilik üçin maslahat programmasy olaryň ýanlarynda bolup, goldaw bermäge taýýar ýagdaýda bolarlar.

Erik Liwni,

Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info