Ýaş bilen hemme zat üýtgeýär. Beden hatda adaty iýmitlenmäni hem başgaça işläp düzýär. Iýmit boýunça hünärmen Igor Botogowskiý öz «Zen» kanalynda bedeniň 60 ýaşdan soň iýmitlenmegiň aýratyn ýetmezçilik edýändigini, munuň bolsa garramak prosesini çaltlaşdyrýandygyny düşündirdi.
Şonuň üçin hem, D witaminine üns bermek möhümdir. Ýaş bilen bu witamini sintezlemek ukyby ep-esli peselýär. Ýetmezçilik süňk şikeslenmeleriniň töwekgelçiligini artdyrýar we myşsalaryň tonusy hem peselip biler.
B witaminleri nerw ulgamynyň işlemegi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Mundan başga-da, şeýle witaminler içegeleriň iýmit maddalaryny özleşdirmek ukybyna täsir edýär.
Bedeniňiziň antioksidantlar bolan A, C we E witaminlerini almagyny üpjün etmek hem möhümdir. Süýüm we probiotikler barada-da ýatdan çykarmaň.
Şunlukda, dünýäde degişli gulluklaryň hünärmenleri 60 ýaşdan soň günde bäş gezek naharlanmalydygyny bellediler. Iýmitlerde köp mukdarda belok, mikroelementler we witaminler bolmaly. Şeýle-de bolsa, kaloriýa kabul edişiňizi gözegçilikde saklamak maslahat berilýär. Bu makala diňe maglumat bermek üçin niýetlenendir we lukmançylyk maslahaty bolup durmaýar. Hünärli lukmana ýüz tutuň.
Show more