88 ýaşly Morgan Friman uzak ýaşamagynyň syryny paýlaşdy

MilliInfo

9 sagat öň

Morgan Friman uzak ýaşamagyň syryny paýlaşdy. 88 ýaşly aktýor 95 ýaşly dosty we kärdeşi Klint Istwudyň beren maslahatyna eýerýändigini boýun aldy.

«Klint Istwud «Garry adamyň durmuşyňyza girmegine ýol bermäň, hereket ediň» diýdi. «Syr şu ýerde» — diýip, aktýor «AARP-niň» «Uly ýaşlylar üçin filmler» programmasyna beren interwýusynda aýtdy.

Friman aslynda bu düzgüne eýerýär. Ol filmlerde çykyş etmegini dowam etdirýär. Onuň öňki jadygöý Thaddeus Bredliniň keşbini janlandyrýan täze «Now You See Me» filminiň premýerasy ýakyn wagtda bolar.

«Şowşenkiň halas edilişi" filminiň ýyldyzy hem her gün golf oýnaýar. Ol golfuň ony garramakdan has köp aladalandyrýandygyny boýun aldy.

«Men öňki ýaly — golf oýnarmykam? Bu möhüm sowal» — diýip, «Million Dollar Baby" filminiň ýyldyzy belleýär.

Oskar baýragynyň eýesi karýerasynda köp zat gazanandygyna garamazdan, heniz hem öňünde professional maksatlary goýýar. Mysal üçin, aktýor Meril Strip bilen belli bir taslamada surata düşmek isleýär.

Täze interwýusynda Friman meşhurlygyň we üstünligiň ony asla üýtgetmändigini hem mälim etdi.

«Oskar baýragyny alandan soň garaşyp boljak ýeke-täk zat aýlygyňyzyň biraz ýokarlanmagy we has köp iş mümkinçilikleriňiziň bolmagydyr. Meniň pikirimçe, garaşyp boljak ýeke-täk iki üýtgeşiklik şular. Bolmasa, egoňyzyň sizi ýeňmegine ýol bermäň»— diýip, aktýor aýtdy.

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo