Adaty azyk dükanlarynda eti nädip saýlamaly: ýönekeý talaplary göz öňünde tutuň!

MilliInfo

11 sagat öň

Eti saýlamak tagamy taýýarlamagyň tapgyrlaryndan has öň başlanýar. Aslynda tutuş aşpezlik hekaýasy gözbaşyny et dükanynda özüňize gerekli et önümini satyn alýan pursatlaryňyzdan alyp gaýdýar.

Azyk blogeri Dmitriý Zmiýewskiniň «Zen» kanalynda paýlaşan roliginde hem azyk dükanlarynda eti nädip saýlamalydygy hakyndaky maglumatlar paýlaşyldy.

Şeýlelik bilen, iň möhüm mesele eti haýsy tagam üçin saýlaýandygyňyzy anyk bilmekdir. Mysal hökmünde sygyr etini alalyň. Gowurmak üçin ribeýe, striploin ýa-da gol etini saýlaň. Bişirmek üçin bolsa, bud ýa-da gol etini ulanyň.

Eger onuň hiline ynamyňyz bolmasa, ony satyn almaň. Berkligini barlaň: eger ony barmagyňyz bilen dürteniňizde, et çalt yzyna gaýtsa bu diýseň ajaýyp.

Etde ýagyň bardygyna üns beriň: bu tagamyň has-da lezzetli tagamy bilen tapawutlanmagyny üpjün edýär. Sygyr ýagy ak ýa-da krem ​​reňkli bolmaly, sary reňk bolsa malyň gartaşandygyny görkezýär.

«RBK» bişirilen eti nädip saklamalydygyny düşündirdi. Bişirilenden soň, et otag temperaturasynda birnäçe sagatlap goýulmaly, soňra bolsa gapda ýerleşdirilip, sowadyjyda saklanmaly.

 

 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info