Ak aýakgaplar hemişe iň gowy stillileriň biri hasaplanýar. Mundan başga-da, olar islendik geýime gowy gelişýär, emma olary arassa saklamak gaty kyn.
Ýönekeý we netijeli usul bar: adaty çörek sodasy we köne diş çotgasy amatly. Has netijeli çözgüt üçin bir damja gap-gaç ýuwujy serişde goşuň.
Ergini taýýarlap bilersiňiz:
100 ml ýyly suwa üç nahar çemçesi çörek sodasy goşulýar. Esgini çyglaň we aýakgaplary süpüriň. Ýalpyldawuklyk üçin azajyk wodorod peroksidini goşuň.
Limon hem kömek edip biler. Diňe üç nahar çemçesi şiräni bir stakan suw bilen garyşdyryň we esgi bilen süpüriň.
Başga bir usul ak diş pastasydyr. Ilki bilen aýakgaplary çygly mata bilen süpüriň. Soňra pastany çotga çalyň we aýakgaba sürtüň. Ony 10 minut goýup, soňra çygly mata bilen aýryp bilersiňiz.
Bu ýönekeý usullar owadan ak aýakgaplaryňyzy arassa saklamaga kömek eder. Himiki maddalar ýok, diňe her öýde bar bolan adaty önümler bilen aýakgaplaryňyzy arassalaň!

Show more