Aşhana süpürgiçleri çalt ýuwmak möhümdir, ýöne tegmiller köplenç adaty ýuwulma bilen aýrylmaýar.
Süpürgiçleri ýuwmaga girişeliň:
Nahar duzy. 5 nahar çemçesi duzy gyzgyn suwda erediň. Süpürgiçleri 1,5 sagatlap duz erginine çümdüriň. Soňra adaty görnüşde ýuwuň.
Sabyn we limon turşusy. Ilki bilen süpürgiçdäki tegmilleri kir sabyny bilen arassalaň. Iki sagatdan soň bu prosesi gaýtalaň, ýöne bu gezek limon turşusyny ulanyň. Bäş minutdan ýene-de ýuwuň.
Ösümlik ýagy. Eger haýsydyr bir sebäp bilen kir ýuwýan maşyny ulanmak mümkin bolmasa, ýene-de bir ajaýyp usuldan peýdalanyp bilersiňiz. Gaby gyzgyn suw bilen dolduryň, bir nahar çemçesi sirke (9%) we iki nahar çemçesi ýag goşuň. Gabyň agzyny ýapyň. 12 sagatdan soň bolsa ýedi gezek çaýkaň.
