Bereketli türkmen saçagy datly tagamlar bilen birlikde, çaý başynyň lezzetine özboluşly öwüşgin çaýýan ajaýyp süýjülikler bilen hem bezelýär. Biziň bu günki söhbetimiz, esasan-da, türkmen obalarynda çaýyň gaýtalanmajak täsirini has-da baýlaşdyrýan balgaýmak barada bolar.
Balgaýmak adynyň süýdüň iň lezzetli bölegi hasaplanylýan gaýmak bilen baglydygy bellenilýär. Biz işiniň ussatlary bolan enelerimizden we ejelerimizden balgaýmagyň taýýarlanyşyny has içgin öwrendik. Olar balgaýmagy taýýarlamak üçin zerur bolan esasy önümleriň süýt bilen şeker bolup durýandygyny, şeýle hem bu tagamyň müň derdiň dermany bolan düýe süýdünden taýýarlansa has ýerine düşýändigini belläp geçdiler.
Balgaýmak taýýarlanylan wagty onuň düzümine goşulýan önümler, esasan, belli bir ölçegde
däl-de, göz çeni bilen goşulýar. Meselem: ulurak gazanyň (7-8 litrlik) içine 5 litr süýt bilen 3 käse şekeri bilelikde guýup, garyp başlamaly. Balgaýmak taýýarlanylanda iň esasy ähmiýet berilmeli zat onuň näçe wagt gaýnamalydygy we üznüksiz garylyp durulmagydygy bilen baglydyr. Aşa köp gaýnan ýagdaýynda balgaýmagyňyz gaty bolar, bolmalysyndan az gaýnasa tagamsyz we görnüksiz bolar. Şonuň üçin hem, balgaýmagy iki sagada golaý yzygiderli kepgir bilen çalyp garmaly. Taýýar bolandan soň sowadyp, ony islegiňize görä şekillendirip bilersiňiz. Islege görä künji hem goşup bilersiňiz!

