Saglygyň iň gowy dermany ruhubelentlikdir.
Zähmet hemme keselleri bejerýän asylly ýörelgedir.
Ir ýatyp, ir turmak ynsanyň sagdyn we ruhy taýdan baý bolmagyny üpjün edýän aýratynlykdyr.
Ertirligiňi ir edinmek we agşam naharyňy az iýmekden haýyrlydyr.
Keseliň müňden 999-syny kadaly iýmit bilen bejerip bolýar.
Aç garna, şeýle-de arkan ýatmak saglyk üçin zyýanlydyr.
Köp ýöredigiňçe, ömür ýoluň uzaýar.
Gözellegiň we saglygyň sazlaşykly bolmagy üçin bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmaly.
Hereketsiz ömür köpýyllyk uka giden ýalydyr. Ýöremek beýniňi, pikiriňi oýarýar.
Bedeniňi yzygiderli türgenleşdirseň, hatda garrylykda-da güýjüň saklanar.
Dermanyň iň gowusy wagtynda dynç almak we zyýanly endiklerden saklanmakdyr.
Aýagyňy ýyly, kelläňi salkyn, göwnüňi giň tut.
Show more