Ýaşlygy we gözelligi saklamak üçin 10 sany amatly önüm

MilliInfo

2 sagat öň

Baky ýaşlygyň syry gadymy döwürlerden bäri adamzadyň esasy alada edip gelýän zatlarynyň biri. Häzirki döwrüň kosmetologiýasy dürli täsirli we haýran galdyrýan önümleri döredýän hem bolsa hakyky gözellik we ýaşlyk adamyň bedeniň içki özboluşlylygyndan başlanýar. Dogry iýmitlenmek daşky görnüşe we umumy saglyga oňyn täsir edip, garramagy ep-esli haýalladyp biler.

Ýaşlygy we gözelligi saklamaga kömek etjek 10 sany amatly önüm baradaky maglumatlary hödürleýäris:

1. Kädiniň çigidi sink, triptofan we poli doýgun kislotalara baýdyr. Bu elementler deriniň çeýeligini artdyrýar, ýaralaryň bitmegine gowy täsir edýär, ýygyrtlara garşy göreşýär we ukynyň hilini ýokarlandyrýar.

2. Pomidorlarda Gün şöhleleriniň ýaramaz täsirinden goraýan likopen we karotinoidler bar. Ol islendik ýagdaýda — öýde taýýarlanan sous ýa-da pasterizirlenen şire görnüşinde hem peýdalydyr.

3. Ýagly balyk: seld, sardina çişmä garşy häsiýetlere eýe bolan Omega-3 kislotalaryna baýdyr. Deriniň ýagdaýyny, ýadyny we özboluşlylygyny gowulandyrýar. 140 gram ýagly balygy hepdede üç gezek iýmek maslahat berilýär.

4. Kakao ýa-da gara şokolad. Düzümindäki flawonoidler erkin radikallara garşy göreşýär we garramagy haýalladýar.

5. Badamda (Mindal) flawonoidler, L-arginin we E witamini bar. Badamyň gabygy antioksidantlara baýdyr. Arginin damarlaryň işleýşine oňyn täsir edýär.

6. Petruşka C witamine, karotinoidlere we hlorofillere baýdyr. Gany arassalaýar we bedeniň ýaşlygynyň esasy elementi bolan glutationyň öndürilmegine kömek edýär.

7. Limon toksinleri aýyrýar, deriniň ýagdaýyny gowulaşdyrýar, gözenekleri arassalaýar we berkidýär.

8. Zenjebiliň düzüminde antibakterial häsiýetlere eýe bolan sineol we gingerol bar. Ýokanç keselleri ýok etmäge kömek edýär we gan aýlanyşygyny gowulandyrýar.

9. Şugundyr gany arassalamak we suwda erän süýüminiň köplügi sebäpli bedeni kislorod bilen baýlaşdyrmak üçin özboluşly aýratynlyklara eýedir.

10. Tebigy ýag çişmä garşy göreşde immunitet ulgamyny goldaýan sagdyn ýaglara baýdyr.

Ýaşlar üçin sagdyn iýmitleriň sanawy has giň bolsa-da, bu 10 önüm elýeterli we islendik dükandan tapylýar. Olary yzygiderli naharyňyza goşmak bilen, deriňiziň ýagdaýyny we umumy kadalylygyny ep-esli gowulandyryp, köp ýyllap ýaşlygy we gözelligi saklap bilersiňiz.

 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info