Bokurdakdaky düwünçek. Ýok, biz gözýaş dökmäge golaý bolan emosional ýagdaý barada gürrüň etmeýäris. Ýuwutmagyň kynçylygy – bokurdakdaky düwünçek duýgusy barada gürrüň edýäris.
Bokurdakda düwünçek duýgusy birnäçe gün, hatda hepdeläp dowam edip, rahatsyzlyk we howsala döredip biler. Eger agramyň azalmagy, dem almagyň kynlaşmagy ýa-da ýiti agyry bilen birlikde bolsa dessine hassahana gitmeli.
Şeýle-de bolsa, ýeňil alamatlary özbaşdak bejerip bolýar. Ilki bilen, nerw ulgamyňyzy rahatlandyryň, sebäbi stress we emosional dartgynlyk, köplenç, bokurdakdaky myşsa spazmlarynyň esasy sebäbi bolýar. Dem alyş maşklary iň täsirli. Birnäçe minut çuňňur, ölçegli dem alyş hem ýagdaýy ep-esli ýeňilleşdirip biler.
Lukmanlar boýun we egin sebitine massaž etmegi maslahat berýärler: ýumşak massaž hereketleri dartgynly myşsalary gowşadýar. Netijede, gan aýlanyşygy gowulaşýar.
Show more