Şireli we tagamly kotletleri siz hem taýýarlap bilersiňiz. Kotletler hemişe işdä ýakyn bolýar, esasan hem, olar suwly we ýumşak taýýarlansa.
Kelemi ownuk dograp, üstüne gaýnag suw guýuň we bäş minutlap goýuň . Soňra sogany gowruň.
Sarymsagy ezip, ukroby ownuk dograň. Indi ähli önümleri bir gapda garyşdyryň. Şeýle hem üwelen eti, gaýmak we ýumurtga goşup garyşdyryň. Duz we burç bilen tagam bereniňizden soň bolsa yene garyň.
Mekgejöwen krahmalyny goşup, adaty görnüşdäki kotletleri ýasaň. Indi diňe kotletleri gyzardyjyda gyzardyp, soňra 180°C derejede 15 minutlap peçde bişirmek galýar. Kotletlerimiz taýýar.
Işdäňiz açyk bolsun!
