Adamzadyň taryhyna ebedi giren şahsyýetleriň paýhasly pikirleri

MilliInfo

13 Dekabr, 2025

Ähli üstünlikleriň başlangyç nokady maksady kesgitlenmekden başlanýar.

Klement Stoun.

Eger, siz özüňizi haýsydyr bir zada ukyply hasaplaýan bolsaňyz, bu dogrudyr. Eger, başarmaryn diýip pikir etseňiz, siz ýene-de dogry pikirde.

Genri Ford.

 Ar almagyň iň gowy usuly üstünlik gazanmakdyr.

Frank Sinatra.

 Başarjagyňa ynanmak – eýýäm ýarty ýoly geçmek diýmekdir.

Teodor Ruzwelt.

 Ähli kynçylyklar tutanýerlilik we erjellik bilen ýeňilýär.

Leonardo Da Winçi.

Gözellik ähli zatda bar, ýöne muny görmek her kime berilmändir.

Konfusiý.

Gözellik – seredýäniň gözlerinde.

Oskar Uaýld.

 Ýa okamaga mynasyp bir zat ýazyň, ýa bolmasa ýazmaga mynasyp bolan bir zatlar ediň.

Benjamin Franklin.

Beýik işleri etmegiň ýeke-täk usuly öz edýän işiňi söýmekdir.

Stiw Jobs.

Eger, siz herekete geçmegi ýüregiňize düwen bolsaňyz, şübhe gapysyny ýapyň.

Fridrih Nisşe.

 

 

 

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info