Guwanylmak siziň eliňizdedir, siz dogruçyl bolmaýanlara guwanarmysyňyz?
Eliňizde ýekeje çekiç bolsa, töweregiňizdäki ähli zady çüý ýaly görersiňiz.
Her sözüňiz dogry bolsun, ýöne her bir dogryny sözleme.
Nadan bilen söhbet etmek kyndyr bilene, nadan näme gelse geplär diline.
Aýdanlaň dogrudyr sen dogry bolsaň, dogrulyk tapdyrmaz sen egri bolsaň.
Her ynsanyň iň beýik dosty akyldyr, duşmany hem akmaklykdyr.
Bagtlylyk – bu ähli zatdan öň bedeniň sagdynlygyndadyr.
Bilmedigiňi bilmek – ony bilmek üçin ilkinji ädimdir.
Öwrenmek tolkunyň garşysyna ýüzmekdir.
Ynsanyň özüne we jemgyýetine bolan borjy – öwrenmek hem-de öwretmekdir.
Maksady bolmadyk gämä şemal hem kömek etmez.
Düşünilmän öwrenilen bilim, ýitirilen gaýratdyr.
Bir duşmandan gutulmanyň iň gowy ýoly ony özüňe dost edinmekdir.
Uly depede guşy-da, ýylany-da görýän bolsaň, biri uçup, beýlekisi-de kynçylyk bilen çykanlygydyr.
Ýalňyşmaýan adam ýokdur, adamkärçilik ýalňyşyňy kabul edişiň we ony düzedip bilişiň bilen ölçenýär.
Show more