Häzirki fast food medeniýetiniň kökleri gadymy Rim şäherlerine çenli uzap gidýär

MilliInfo

22 Awgust, 2026

Häzirki fast food medeniýetiniň kökleri gadymy Rim şäherlerine çenli uzap gidýär

Alymlar «Gadymy rimliler, takmynan, 2000 ýyl öň taýýar gyzgyn nahar satyn alyp iýipdirler» diýen çaklamany öňe sürýärler. Arheologlar Pompeý şäherinde (häzirki Italiýanyň çägindäki gadymy Rim şäheri) «thermopolium» diýilýän taýyn nahar satylan naharhanalarynyň onlarçasyny tapdylar.

«Thermopolium» grek dilinden gelip çykyp, «gyzgyn zat satylýan ýer» diýmegi aňladýar. Bu ýerler häzirki fast-food nokatlaryna meňzeş bolup, adamlar şol ýerden taýýar gyzgyn naharlary we içgileri alýar ekenler. Pompeýde şeýle nokatlaryň 80-den gowragy tapyldy. Arheologlar käbir naharhanalarda balyk, doňuz eti, çüýşeler, ulitkalar we içgiler bilen bagly galyndylary hem tapdylar. Käbir naharlar uly keramiki gaplarda saklanypdyr.

Arheologlar Pompeýde örän gowy saklanan şeýle naharhanalaryň biriniň üstüni açdylar. Onuň diwarynda we hasap nokadynda dürli suratlar bolup, käbirleriniň şol ýerde satylan iýmitler bilen baglanyşykly bolandygy tassyklanylýar. Gazuw agtaryş işleri geçirilen wagtynda ördekleriň, horazyň, balyklaryň, doňuzlaryň we ulitkalaryň galyndylary hem tapylypdyr.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info