Garpyz çigidiniň peýdaly häsiýetleri

MilliInfo

21 sagat öň

Garpyz çigidiniň peýdaly häsiýetleri

Adaty lukmançylyk garpyz önümlerine ýokary baha berýär. Sebäbi garpyz önümleri peşew kislotasyny we şonuň bilen birlikde, zäherli birleşmeleri bedenden çalt çykarmaga ýardam berýär. Bu dermanlyk häsiýet peşew ýollarynda döreýän keselleriň öňüni almaga ýkömek edýär. Garpyzyň tohumlary,  esasan hem, erkek adamlar üçin has peýdalydyr. Ýagny, bedendäki mäzleriň işleýşini sazlaýar, düzüminde seleniň we sinkiň mukdarynyň köp bolmagy adenomanyň (epitelide döreýän çişler) ösmeginiň öňüni alýar we jyns işini kadalaşdyrýar.

Belok düzümi (35%) myşsa massasyny saklamak we bedeniň sarp edýän energiýasyny  doldurmak üçin aminokislotanyň ýeterlik saklanýan gory hasaplanýar. Garpyz çigidinde adam üçin has peýdaly dört sany aminokislota saklanýar: triptafon, glýutam turşusy, lizin, arginin. Arginin ýürek myşsasyny goldaýar, gan basyşy kadalaşdyrýar, töwekgelçiligi peseldýär.

Garpyz çigidiniň iň bir täsirli taraplary: görüşi gowulaşdyrýar, et, dyrnak, saç saglygyny goramaga  ýokary derejede kömek edýär.

Garpyz tohumyny çyglygyna iýmeklik maslahat berilmeýär. Ony gowrulan görnüşde kabul etmek has peýdalydyr.

 Garpyz çigidini nädip gowurmaly?

1.Garpyz çigidini ýuwup, mata bölegine dolap, guratmaly.

2.Tohumlary gyzyp duran saja atmaly we 6 minudyň dowamynda gowurmaly.

3. Bir stakan suwy 1 çemçe duz bilen garmaly,taýýar ergini sajyň içine sepelemeli.

4.Suwy siňýänçä garyp gowurmaly.

 

 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info