Gün şöhlesiniň saglygymyza täsiri

MilliInfo

28 Iýun, 2026

Gün şöhlesiniň saglygymyza täsiri

Gün şöhleleri adam saglygy üçin örän möhüm bolup, ol bedeniň kadaly işlemegine kömek edýär. Gün ynsan saglygynyň tebigy çeşmesi bolmak bilen, bedende D witamini işläp çykarýar. D witamini süňkleriň we dişleriň berk bolmagy üçin zerurdyr. Şeýle hem ol immunitet ulgamyny güýçlendirýär we dürli kesellere garşy göreşmäge kömek edýär. Gün şöhlesi adam bedeninde gorag ulgamyny berkitmekde hem-de gan aýlanyşygyny gowulandyrmakda täsirlidir. Mundan başga-da, Gün şöhlesi bedende «bagt gormony» diýlip atlandyrylýan serotoniniň bölünip çykmagyna ýardam edýär.

Gün şöhlesi uky tertibiniň kadalaşmagyna hem kömek edýär. Ol bedenimiziň biologik sagadyny sazlap, gijeki ukynyň has rahat bolmagyny üpjün edýär.

Gün şöhlesiniň zyýanly tarapynyň bardygyny hem unutmaly däldir. Ýagny, Günüň aşa gyzgyn wagtlarynda uzak wagtlap şöhläniň astynda bolmak derä zyýan ýetirip biler. Jöwzaly yssyda uzak wagtlap bolmak ýürek-damar, göz kesellerinden ejir çekýänlere has hem zyýanlydyr. Şonuň üçin hem, gorag serişdelerini ulanmak maslahat berilýär. Şeýle-de Gün urmasyndan goranmak üçin biziň ýurdumyzyň howa şertlerinde irden sagat 09:00-a çenli, öýlän 18:00-dan soň amatly wagtda daşarda gezelenç etmek has peýdalydyr. C, PP witaminlerine baý bolan nygmatlary iýmek Günüň zyýanly täsirini ýeňmäge ýardam edýär.

Tomusda howanyň gaty gyzýandygy sebäpli, bedeniň teşneligini gandyrmak we ýitýän suwlaryň öwezini dolmak üçin günüň dowamynda 1,5-2 litr suw içmeli.

 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info