Bu gün kofe dünýäni basyp aldy. Dünýäde ýüz millionlarça adam ertirlerini bu janlandyryjy içgisiz göz öňüne hem getirip bilmeýär. Emma bedeniňe zyýan ýetirmezden, günde näçe kofe içip bolýar? Lukmanlar bu soraga eýýäm jogap berdiler.
MASLAHAT BERILÝÄN IÇGI WE ONUŇ OŇYN TÄSIRI
Alymlar öz barlaglaryna esaslanyp, günde üç käse kofeniň saglygymyza düýpli oňyn täsir edip biljekdigini aýtdylar.
Täsiri derrew däl, ýöne aýdyň dowamlydyr. Syr kofe dänesindäki bioaktiw maddalarda jemlenýär: olar ýürege, gan damarlaryna, nerwlere we immunitete çylşyrymly täsir edýär.
Kofede köp mukdarda bar bolan antioksidantlar öýjükleri erkin radikallardan goraýar we çişmegiň öňüni alýar. Kofe damar maýyşgaklygyny saklaýar, bu bolsa gan aýlanyş ulgamy üçin ýaş bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri azaldýar. Ol seresaplylygy we keýpi gowulandyrýar, şeýle hem çişmä garşy öýjükleriň öndürilmegini höweslendirýär.
Show more