Günüňi bir bulgur suw bilen başlamagyň peýdasy

MilliInfo

19 Fewral, 2026

Her gün ir säher bilen bir bulgur arassa suw içmek köp adamlaryň durmuş ýörelgesi. Aslynda, bilermenler bu endigi ýola goýmak üçin azyndan üç hepde gerekdigini öňe sürýärler. Bu endik, hakykatdan hem, beden sagdynlygyny gazanmaga kömek edýärmikä?

Ilkinji nobatda suwuň beden üçin peýdalary barada näçe aýtsaň aýdyp oturmaly. Suw bedeniň her bir öýjüginde bolup geçýän reaksiýalar üçin zerurdyr, ol bedeniň ýylylygyny sazlamak, ýokumly maddalary daşamak üçin möhümdir. Suw bedenimizde geçýän gyjyndyrmalaryň we ýaglaryň möhüm düzüm bölegidir. Bedende suwuň azalmagy, dyz we bogunlar, deri bilen bagly dürli sebäplere ýol açyp biler. Bedene suwuklygyň gündelik kabul edilmegi örän möhümdir.
Sagdyn durmuş ýörelgesiniň käbir tarapdarlary ir bilen ertirlik iýmezden öň suw içmegi maslahat berýärler. Bu ýagdaý metabolizmi işjeňleşdirmäge, iýmit siňdirişini gowulaşdyrmaga, agramy azaltmaga we bedene beýleki peýdalary getirmäge kömek edýär diýlip hasaplanylýar.
Bu hakykatdan hem şeýle, ýagny irden nahardan öň suw içmek az iýmäge kömek edýär, sarp edilýän kaloriýanyň mukdaryny azaldýar, bu bolsa horlanmagy meýilleşdirýänler üçin diýseň peýdalydyr. Ylmy gözlegler, nahar iýmezden ozal bir bulgur suwuň aşgazanda dokluk duýgusyny döredip biljekdigini we işdäni peseltmek mümkinçiliginiň uludygyny görkezdi.

Alymlar günde bir ýarym litr suwuň diňe bir az iýmäge kömek etmän, eýsem, ýakylýan kaloriýa mukdaryny köpeltjekdigini hem hasapladylar, ýagny her 1,5 litr üçin günde 48 goşmaça kkal harçlanýar. Bu görkeziji bir ýylda 17,500 kaloriýa ýakyp boljakdygyny aňladýar. Munuň özi, takmynan, 2,5 kg deňdir. Käbir gözlegler buzly suw içmegiň ýakylýan kaloriýanyň mukdaryny 4,5% çenli ýokarlandyrýandygyny görkezdi.

Ir bilen suw içmek endiginiň ýene bir peýdasy bedendäki toksinleri aýyrmak we bedeni arassalamakdyr. Biologiki we ylmy taýdan suw böwrekleriň kadaly işlemegi we iýmit siňdiriş ulgamy üçin hem möhümdir. Bedende suwuklygyň bolmazlygy bu organlaryň näsaz işlemegine sebäp bolup biler.  

 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info