Gündelik durmuşymyzda ulanylýan azyk önümleri özüniň ýokumlylygy, peýdaly aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Şeýle önümleriň arasynda guradylan miwedir ir-iýmişler hem saglyga ýaramlylygy bilen köptaraplaýyn peýdalanylýar. Guradylan miwedir ir-iýmişlerden üzüm, alma, garaly, erik ýaly görnüşler iýmitlik hökmünde ulanylýar. Şolardan guradylan erigiň peýdaly häsiýetleri hakynda durup geçeliň.
Immuniteti ýokarlandyrýar. Guradylan erigi iýmek adam bedenine zeper ýetirip biläýjek keselleri ýaýradyjy mikrobedenjikleri, zyýanly bakteriýalary ýok etmäge ukyplylygy üpjün edýär.
Bedendäki agyryny aýyrýar. Guradylan erik bedende emele gelýän käbir agyrynyň gönüden-göni dermany hasaplanylýar. Ol kellagyryny, iç agyrysyny aýyrmakda möhüm serişdedir.
Gan basyşyny kadalaşdyrýar. Hünärmenleriň bellemegine görä, guradylan erigi iýmek gan basyşynyň ýokary galmagynyň öňüni alyp, ony kada görä sazlaýar.
Dümewiň hem öňüni alýar. Ýygy-ýygydan dümew bilen keselleýän adamlara guradylan erigi ýa-da onuň goşulan suwuny içmek hünärmenler tarapyndan maslahat berilýär.
Bedeni nemlendirmekde uly goşandy bar. Käbir adamlar bedeniniň guraklygyndan ejir çekýärler. Şeýle adamlara guradylan erigi ýygy-ýygydan ulanmak maslahat berilýär.
Witaminleriň işjeňligini gowulandyrýar. Özünde köp mukdarda A witamininiň barlygy sebäpli, guradylan erik bedende bar bolan witaminleriň, peýdaly elementleriň işjeňligini ýokarlandyrýar.
Howply çiş keseliniň öňüni alýar. Guradylan erik howply çiş keseliniň emele gelmegini, onuň işjeňligini we bedene ýaýramagyny bökdeýär. Bu bolsa guradylan erigiň peýdaly aýratynlyklarynyň esasysy bolup çykyş edýär.

Show more