Öýde taýýarlanan «Fanta», has takygy doňdurylan apelsinlerden taýýarlanan içgi ajaýyp tagamy bilen dadyp göreni bendi edýär. Ony taýýarlamak bolsa diýseň ýeňil. Bu düzüm synag üçin esas bolup hyzmat edýär. Gyş üçin içgi taýýarlamak isleýän bolsaňyz, bu pikirden ýüz öwürmäň. Gyş üçin taýýarlanan apelsin suwuny diňe arassa görnüşde däl, eýsem, gazlandyrylan görnüşde hem içip bolýar. Şeýlelik bilen, çagalaryň söýýän içgisini — öýde taýýarlanan «Fantany» ýeňillik bilen tebigy usulda taýýarlap bilersiňiz.

Ajaýyp tagamly şiräni taýýarlamak üçin gerek önümler:
• 2 apelsin
• 10 g limon turşusy
• 4 litr suw
• 400 g şeker
Apelsin şiresiniň taýýarlanylyşy:
Apelsinleri gyzgyn suwuň aşagynda çotka bilen gowy ýuwuň, mata bilen guradyň we 24 sagatlap doňduryjyda goýuň. Bu gabygyň aşagyndaky ak gabykdan çykýan ajylygy aýyrar. Ertesi gün apelsinleri ilki sowadyjyda, soňra otag temperaturasynda erediň. Kiçi dilimlere bölüň.
Dilimlenen apelsinleri et üweýän maşyndan geçiriň.
Uwelen apelsine 2 litr sowuk suw guýuň. 10 minut goýuň. Islendik suwy ulanyp bilersiňiz: çeşme, süzgüçden ýa-da kran suwy.
Has arassa içgi üçin apelsin suwuny birnäçe gezek süzüň.
Apelsin suwuna ýene-de 2 litr suw guýuň, şeker we limon turşusyny goşuň. Hemmesini garyşdyryň we gazany peje goýuň. Pes otda gaýnadyň we şekeriň eremegi üçin 1-2 minutlap gaýnadyň.
Apelsin suwuny öňünden sterilizirlenen bankalara guýuň we demir gapaklar bilen ýapyň. Netijede 4 litr hoşboý ysly we tagamly apelsin içgisi peýda bolar. Garyndy bir ýyla çenli sowuk ýerde saklanar, ýöne az mukdarda çökündi emele gelip biler. Şonuň üçin hem, içgini içmezden öň sowadyň, çaýkaň!
