Gyşda awtoulagyňyzy ýuwmalymy: Bu pasylda ulagy «ekspress ýuwmakdan» gaça duruň!

MilliInfo

11 sagat öň

Gyşyň gelmegi bilen bagly yzygiderli gozgalýan tema barada awtoulag söýüjileriniň arasyndaky jedeller dowam edýär. Käbirleri awtoulaglaryny örän sowukda ýuwmaga düýbünden garşy, beýlekileri bolsa ýuwmagyň zerurdygyny aýdýarlar. Her tarapyň öz delilleri bar we dürli subutnamalary getirýärler.

Daşarda howanyň temperaturasy -10 gradusdan aşak bolsa awtoulagyňyzy ýuwmakdan gaça duruň! Doňan suwdan zyýan ýetmek howpy bar. Eger termometr -10 gradusdan ýokary temperaturany görkezse, onda ulagy ýuwuň.

Awtomobiliňizi garaža gireniňizden dessine ýuwup başlamaň. Takmynan 10 minut goýuň. Guratmagy ýatdan çykarmaň. Bu tutuş gyşyň dowamynda ulagyňyzy ýuwmak işinde iň möhüm ädimdir.

Gyşda «ekspress ýuwmakdan» gaça duruň. Sygymly howa bilen üflemek möhümdir. Gapylaryň rezin möhürlerini arassalamak üçin silikon spreý ulanyň. Şeýle-de bolsa, awtoulagyň gyşda ortaça iki hepdede bir gezek ýuwulmalydygy bellenýär. Ýene bir bilinmeli zat, ýakynda boýalan awtoulagyň gabarasyny ýuwmaly däl.

 

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info