Gyzgynlyk smartfonlara nähili zyýan ýetirýär

MilliInfo

2 sagat öň

Gyzgynlyk smartfonlara nähili zyýan ýetirýär

Tehnologiýalar boýunça hyzmat merkezleriniň bilermenleri ýokary temperaturanyň ykjam enjama — smartfona çynlakaý zyýan ýetirip biljekdigini duýdurdular.

Ilkinji meseleleriň biri ýelmenýän gatlagyň gowşamagydyr: displeý ýa-da arka gapak sökülip, ​​düşüp biler.

«RIA Nowosti» tarapyndan berlen habarda aýdylşy ýaly, batareýa, esasan hem, täze bolmasa, çişip biler we gabara zeper ýetiren ýagdaýynda, ýanyp ýa-da atylyp biler. Gyzgynlygyň beýleki netijelerine ýanmak, ekranda sary tegmiller we gaz basyşy girýär. Bilermen telefony göni şöhläniň astynda ýa-da aýnanyň üsti bilen düşýän gün şöhlesinde goýmazlygy maslahat berýär.

 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info