Hemme zady ýatdan çykarýarmyň? Günde diňe bir çemçe ýeterlik — ýadyňyz ýaşlaryňky ýaly bolar

MilliInfo

1 sagat öň

Hemme zady ýatdan çykarýarmyň? Günde diňe bir çemçe ýeterlik —  ýadyňyz ýaşlaryňky ýaly bolar

Ýadyňyzy we özüňizi ýitirmäň...

Adam ýönekeý zatlary — ütügi öçürmändigini, tanyşlarynyň doglan gününi ýatdan çykarmaga başlanda, muny adaty ýagdaý hasaplaýar. Biz garrylygyň ýadymyzyň ýitmegi bilen baglanyşyklydygyny tassyklamaga öwrenişdik. Emma bu dogry däl.

Belli sowet alymy, akademik Aleksandr Mikulin garrylyga çenli aň-düşünjäniň aýdyňlygyny saklamaga kömek edýän ulgamy işläp düzdi. Bu asla çylşyrymly däl. Diňe dört ädim.

Birinji, hereket. Ine, her gün etmeli maşk. Aýaklaryňyzyň üstünde duruň we soňra derrew dabanlaryňyza aşak düşüň. Aslynda, siz ganyň hereketini güýçlendirýän we iň kiçi damarlary hem arassalaýan «grawitasion şok» döredýärsiňiz.

Ikinjiden, durşuňyza üns bermegiňi ýatdan çykarmaň! Bükülip duran arka, aşak düşen kelle we dartgynly boýun. Bularyň hemmesi gan akymyna päsgel berýär. Bilşimiz ýaly, kislorod bolmasa, beýni erbet işläp başlaýar.

Üçünjiden, aňyňyzy türgenleşdiriň! Mikulin goşgy ýat tutmagy, kitap okamagy we okaýan zatlaryňy ara alyp maslahatlaşmagy maslahat berýär. Häzirki wagtda munuň üçin «kognitiw terapiýa» atly termin diýýärler.

Dördünjiden, günde diňe bir çemçe bal we selder. Usulyň awtorynyň aýtmagyna görä, bir hepdäň içinde ýatkeşlik has ýitileşýär.

Ýeri gelende aýtsak, Aleksandr Aleksandrowiç 90 ýaşady we ömrüniň ahyrky günlerine çenli aýdyň aňyny saklady.

 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info