Hereket ediň!

MilliInfo

3 Ýanwar, 2026

Kiçijik aýy çagajygy nähili ýöräp başlajagyny bilmän, ahyry enesinden sorady:

«Ilki bilen men näme etmeli? Sag aýagymda başlaýynmy ýa-da çep aýagymda? Ýa-da ilki öňdäki iki aýagymy, soňra yzky aýaklarymy herekete getireýinmi? Ýa bolmasa sagdaky iki aýagym bilen hereket edeýinmi ýa-da çepdäki?».

Çagajygynyň yzyny üzmän berýän sowallaryna ene aýy gysgaça jogap berdi:

«Pikir etmäni bes et we ýöremäge başla».

Ene aýy mamlady. Çünki köp pikirlenmekden we köp gürlemekden hereket etmek has amatly.

Zehinli oýlap tapyjy Nolan Buşneniň pikirleri bolsa has hem geň. Onuň pikiriçe, hammama girenden adamda täze pikirler peýda bolýar. Suwa düşmek diňe bedeni däl, eýsem dagynyk pikirleri hem arassalaýan ýaly. Bu her bir adamda bolup biläýjek tebigy ýagdaý. Emma käbir adamlar bu mümkinçilikden peýdalanmaýarlar. Zehinliler bolsa olardan tapawutlylykda, hammamdan çykan badyna täze pikirlerini öňde goýan maksadyna öwrüp, tizden amala aşyrmak bilen bolýarlar.

Ýene bir mysaly ýatlamak ýerlikli bolar. Zehinli ýazyjy Sidneý Harisiň hem pikirleri bu babatda diýseň täsirli. Eger-de eden işlerimiz üçin ökünsek, onda ökünç wagtyň geçmegi bilen peselýär ýa-da ýitýär. Emma etmedik işlerimiz üçin ökünäýsek, näme üçindir ökünç ýürekden galan yza yza ýaly uzaga çekýär.

Jemleme hökmünde aýtsak, biziň ajaýyp pikirlerimiz ony amala aşyrmak ugrunda eden hereketimizde şöhlelenýär. Şonuň üçin hem, hereket ediň!

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info