Tomus günlerinde şokoladly doňdurma kim garşy durup biler?
Munuň üçin gerekli önümler
Size 170 gram süýtli şokolad, 100 millilitr süýt, 500 millilitr 33% goýy gaýmak we 2 nahar çemçesi şeker pudrasy gerek bolar.
TAÝÝARLAMA
Şokolady iki gatly gazanda suwuk hala gelýänçä erediň. Aýratynlykda gaýmagy şeker pudrasy bilen goýy we ýumşak ýagdaýa gelýänçä çalyň. Süýdi goşuň we ýene-de çalmagy dowam ediň.
Eredilen şokolady yzygiderli çalyp guýuň. Şeýlelikde, ýumşak we howaly garyndy emele geler.
Gaba guýuň we azyndan 4 sagat ýa-da has gowusy bir gije doňduryň. Şol wagtyň dowamynda doňdurma gatar, ýumşak we kremli bolar.

Show more