Hytaýdan getirilýän jadyly ysly ot bagry arassalap, derini has owadan görnüşe getirýär. Şol sebäpden hem, biz bu ýazgymyzda täsirli otuň peýdalary hakynda söhbet ederis.
Miskewiň (Gwazdika) peýdalary
Gündogar reseptleriniň arasynda ýönekeý ysly ot — miskew aýratyn orun eýeleýär.
Onuň düzüminde ewgenol bar, bu önüm diňe bagra toksinler bilen göreşmäge kömek etmän, eýsem, içegeleriň işini hem gowulandyrýar.
Bagyr aşa köp ýüklenende, toksinler gana gaýdyp gelýär we ýadawlyga we agzyňdan ýaramaz ysyň gelmegine sebäp bolýar. Emma miskewiň yzygiderli ulanylmagy bu prosesi togtatmaga kömek edýär: efir ýaglary çişmäni azaldýar, bagyrda ýagyň toplanmagynyň öňüni alýar we zyýanly mikrofloranyň täsirini peseldýär.
Miskewiň bir bölejigini agzyňa salsaň, ýakymsyz yslary aýyrmaga kömek edýär.
Kähalatda aşhanada döreýän yslary aýyrmakda hem miskewiň uly peýdasy bolar. Syrçaly gapda 1 litr suwy gaynadyp, üstüne bir çümmük miskew, limonyň gabygyny atyp gaýnadsaň howada ýakymly ys döredýär.

