Italýan aşhanasynda ähli zat bilen berilýän bir tagam bar. Polenta italýanlar üçin ýeralma (kartoşka) ýalydyr. Bu gyzykly tagamy — ezilen garyndyny bilelikde taýýarlalyň.
DÜZÜMI WE BIŞIRMEK
Size 105 gram mekgejöwen dänesi, 90 gram mekgejöwen uny, 1800 millilitr suw we bir nahar çemçesi duz gerek bolar.
Suwy duzlap, gaýnadyň. Soňra mekgejöwen ununy örän ýuwaş we güýçli garyşdyryň. 5 minutdan soň uny şol bir usulda goşuň. Garyndy köpürjikläp başlar, şonuň üçin dessine gazany ýapmak iň gowusydyr.
BIŞIRMEK WE BERMEK
Bişirmegiň birnäçe nusgasy bar, ýöne hakyky italýan görnüşini isleýän bolsaňyz, ody orta derejä goýuň, yzygiderli garyşdyryň. Şondan 20 minut soň, polenta özboluşly tagam berýän gyrymsy gabyk dörar.
Soňra ony agaç gapaga goýuň we tekizläň. Gyzgyn ýagdaýda saçaga ýerleşdiriň!

Show more