Jadyly durmuş usuly: Adaty lawr ýapragy bilen saçlaryňyzy has-da berkidip bilersiňiz

MilliInfo

5 Ýanwar, 2026

Lawr  ýapragyndan taýýarlanýan saç önümi hakynda

Köp adamlar geň galdylar: Onuň gözelliginiň syry örän ýönekeý bolup çykdy. Saça çalynýan bu önüm üçin adaty lawr ýapragy ulanylýar. Nädip we näme üçin diýip soraýarsyňyzmy? Saç önüminiň taýýarlanylyşy bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda biziň bilen galyň!

Lawr  ýapraklaryndan ýasalan witamin ergini saçy dökülýän, solgun ýa-da seýrek saçly adamlar üçin amatlydyr. Lawr ýapraklarynda minerallar we witaminler bar. Ol efir ýaglary bilen birleşdirilen ýagdaýynda saç üçin diýseň peýdaly hakyky witamine öwrülýär.

Ergin üçin 4 lawr  ýapragyny, 500 ml suwy, guradylan çopantelpegiň, aýy penjesiniň köküniň we rozmariniňher birinden 1 nahar çemçesini alyň. Otlaryň üstüne suw guýuň, 5 minut gaýnadyň, süzüň we 30 minutlap kelle derisine çalyň. Ýagly saçlar üçin bolsa demleme bilen ýuwmak amatlydyr.

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info