Kadaly uky ömri uzaldýar

MilliInfo

15 Awgust, 2026

Kadaly uky ömri uzaldýar

Uzak ýaşamak isleýärsiňizmi? Onda kadaly ukyňyzy alyň. Täze geçirilen gözlegleriň netijesine görä, kadaly uky erkek adamyň ömrüne, takmynan, bäş ýyl, zenanlaryň ömrüne bolsa 2,5 ýyl goşýar. 

Kadaly ukyny almak üçin näme etmeli? 

- Ilki bilen, her gije ýedi-sekiz sagat uklamaly. Şeýle-de bolsa, bu köp adam üçin gaty kyn. ABŞ-nyň Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezleriniň maglumatlaryna görä, amerikalylaryň her 3-den biri ukusyzlykdan ejir çekýär.

- Başga bir tarapdan, has gowy uklamak üçin uzak wagtlap ýatmak ýeterlik däl. Ukyňyz üznüksiz we rahat bolmaly. Ýagny bu diýmek bütin gije oýanmaly däl we uklamakda kynçylyk çekmeli däl. Mundan başga-da, kadaly uky üçin hiç hili uky dermanlaryny ulanmaly däl. 

Amerikan Kardiologiýa Kollejiniň ýyllyk ýygnagynda hödürlenen deslapky gözlegde 2013-nji we 2018-nji ýyllar aralygyndaky Milli saglyk söhbetdeşlik anketasynyň uky sowalnamalaryna jogap beren 172 müňden gowrak adamyň maglumatlary seljerildi.

Anketanyň dowamynda bäş sagdyn uky endiginiň hersine (aňsatlyk bilen uklamak, gijelerine oýanmazlyk, ýedi-sekiz sagat uklamak, dynç almak we uky dermanlaryndan ýüz öwürmek) baha berildi. Adamlar bu bäş endigiň näçeräkdigine esaslanyp ball aldylar. Takmynan, dört ýyl soň, alymlar bu ballary Milli ölüm indeksiniň ýazgylary bilen deňeşdirip, uky endikleriniň ynsanyň haýsydyr bir sebäpden wagtyndan öň ölmegine sebäp bolýandygyny ýa-da ýokdugyny anykladylar. 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info