Kädi çigidiniň peýdasy

MilliInfo

21 Dekabr, 2025

Kädi çigidi biohimiki düzümi boýunça peýdaly ýaglara hem-de beloklara baý bolup, halk lukmançylygynda iç gatamaga garşy, iýmit siňdirişini kadalaşdyrýan serişde hökmünde we soguljanlary ýok etmek üçin giňden ulanylýar. Düzüminde sink bolany üçin, ony dowamly ýaraly kesellerde hem peýdalanmak mümkin. Ýewropa ýurtlarynda kädi çigidini işdäaçarlaryň düzümine goşýarlar. Kädi çigidi we ondan taýýarlanan «kädi süýdi» gan azlygyň dürli görnüşlerinde hem ulanylýar.

Kädi çigidini ulanmagyň iň aňsat usuly — ony çigligine iýmek. Çagalar üçin her gün 20–25 däne, ulular üçin bolsa irden ajöze ýa-da ýatmazdan öň 40–50 däneden köp bolmadyk mukdar peýdalanylýar. Soguljanlara garşy ulanmak islenende, ony ýatmazdan öň kabul etmek maslahat berilýär. Kädi çigidi bedende ýetmezçilik edýän möhüm maddalaryň öwezini doldurýar, birnäçe howply çiş keselleriniň hem-de endokrin bozulmalaryň öňüni almagy ýeňilleşdirýär.

Kädi süýdi — kädi çigidini (gaty gabygynyň hem goşulmagy bilen) üwäp ýa-da döwüp, suw bilen garyp taýýarlanylýan içgidir. Häzirki döwürde ýörite tehniki enjamlar arkaly ony tiz taýýarlamak mümkin.

Aşgazan-içege ýollarynda sowuklama keseli ýitileşen ýagdaýynda kädi çigidini we süýdüni ulanmak maslahat berilmeýär. Balkädiniň çigidi has peýdalydyr.

Kädi çigidini yzygiderli kabul etmek gan aýlanyş ulgamyny kadalaşdyrmaga, gan damarlaryny giňeltmäge, ýürek keselleriniň öňüni almaga, holesteriniň derejesini peseltmäge, nerw ulgamyny kadalaşdyrmaga hem-de bedeniň garşylyk ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Süýjülikleri köp ulanmak bedene zyýan ýetirip bilýär. Bu endigi azaltmakda hem kädi çigidi peýdalydyr, sebäbi ol süýjülige bolan höwesi peseldip bilýär. Onuň çigidini çig görnüşde kabul etmek maslahat berilýär. Ol bagryň hem-de içegäniň işini kadalaşdyrýar. Şeýle-de böwrek keselleriniň, iç gatamanyň öňüni almaga we gan basyşyny kadalaşdyrmaga täsir edýär. Kädi çigidini günde 30 gramdan köp we ukudan öň kabul etmek maslahat berilmeýär.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info