Kakosyň peýdaly häsiýetleri, esasan hem, dürli ýag kislotalarynyň köp bolmagy bilen bellidir. Onuň miwesiniň içindäki suwuklykda köp antioksidantlar we minerallar bar. Kakos sport bilen meşgullanýanlaryň ählisine maslahat berilýär.
Ol içegäniň hereketini güýçlendirýär we madda çalşygyny gowulandyrýar. Kokos ýagyny aşgazan ýarasy, gastrit, kolit üçin peýdalanmaklyk maslahat berilýär. Kakos ýagy kosmetologiýada işjeň ulanylýar. Laurin, olein we kapril turşulyklary deri üçin peýdalydyr. Olar suw deňagramlylygyny saklaýarlar, metabolizmi işjeňleşdirýärler. Deri onuň üsti bilen ýokumly maddalardan iýmitlenýär. Emma ýagly deri ýapyk gözeneklere sezewar bolýar, şonuň üçin hem, ýag gury deri üçin has amatlydyr. Kakos ýagy saç we dyrnak üçin hem ulanylyp bilner. Sabynlar, çalgy ýaglary we balzamlar onuň esasynda taýýarlanýar. Ondaky E witamini gan damarlarynyň diwarlaryny güýçlendirýär, ateroskleroz howpuny peseldýär. Şeýle-de ol ýürek we gan damarlarynyň ýagdaýyny gowulandyrýar.
Kakos 100 ýyla çenli ýaşap bilýän we ýylda dört ýüzden gowrak hoz öndürip bilýän kakos palmasynyň miwesidir. Kakos palmalary ilkinji gezek b.e.öňki IV asyrda Malaýziýada ýörite ösdürilip ýetişdirilipdir.

Show more