Geliň, hyçin atly lezzetli tagamy bilelikde taýýarlalyň.
Un bilen bagly islendik tagamda bolşy ýaly, bu gezek hem hamyrdan başlaýarys. Ony adaty resept boýunça taýýarlaýarys. Bu ýerde täze ýa-da adatdan daşary zat ýok. Bize diňe pirog hamyry gerek. Hamyry bir sagatlap goýuň.
Içligi taýýarlaýalyň. Kartoşkany gaýnadyň we eziň. Deň mukdarda sürtgüçden geçirilen peýnir goşuň. Isleseňiz, ot-çöpleri goşup bilersiňiz.
Pirogyň şekilini taýýarlaň . Ol kiçijik ýumşak çörek görnüşinde bolmaly. Içligi onuň ortasyna goýuň. Hamyryň ýyrtylmazlygy we içligiň syzmazlygy üçin üns bilen ýaýyň.
Pirogy gyzardyjy tawada goýuň. Her tarapyny dört minutlap gyzardyň. Goňur reňke geçip başlanda bolsa ony öwürmegi unutmaň. Ýag bilen çalyp, destarhanyňyza goýuň.