Kir ýuwmakda hem tygşytlylyk möhümdir: gaýtalanmajak tämizlik we ýakymly ys

MilliInfo

18 Ýanwar, 2026

Biz ýuwujy serişdelere şeýle köp pul harçlaýarys! Olar çalt gutarýar we siz dükana tarap ýönelmäge mejbur bolýarsyňyz.

Şonuň üçin gap-gaç ýuwýan gubkalary ulanmagy maslahat berýäris. Gubkalary kiçi zolaklara bölüň. Kir ýuwmak döwründe zolaklary mata ýumşadyja çümdüriň we kir ýuwýan maşynyň barabanyna taşlaň. Gubka kir ýuwmak döwründe ýumşadyjy komponentler bilen birlikde, hoşboý ys hem ýaýradar.

Netijede, çüýşäniň gapagyndaky maslahat berilýän mukdary berjaý edip, ony gönüden-göni kir ýuwýan maşyna guýanyňyzdan has az derejede mata ýumşadyjyny ulanarsyňyz.

Öýde taýýarlanýan mata ýumşadyjyny hem özüňiz ýasap bilersiňiz. Bir gap alyň we oňa iki litr ýyly suw guýuň. Soňra iki limonyň suwuny suwa sykyň we oňa iň gowy görýän yzyňyzy özünde jemleýän efir ýagyňyzdan 30 damja goşuň. Gowy garyşdyryň.

Indi kirleriňizi bu ergine ýarym sagatlap çümdürip, soňra sowuk suwda ýuwup bilersiňiz. Eşiklerden örän ýakymly ys bark urar.

 

 

 

 

 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info